Aşgabatda mekdep mugallymlary üçin bilim robotlary boýunça seminar geçirildi


Şu hepde, 23-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda mekdep mugallymlary üçin bilim robotlary boýunça seminar geçirildi. Seminara 27 hünärmen gatnaşdy, olar gyzykly we terbiýeçilik ähmiýetli bu okuwlarda mekdep sapaklarynda bilim robotlaryny ulanmak üçin zerur bilimleri, başarnyklary we çeşmeleri aldylar.
Bu çäre ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki hyzmadşlygynda geçirildi. Seminar häzirki zaman interaktiw we okuwçylara gönükdirilen usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm başlangyç boldy.

Bu işde mugallymlar robotika we “Scratch” programmirleme dili, programmirlemäni we robotlary öwretmek üçin “Arduino” esasy toplumlarynyň bölekleri bilen tanyşdylar, ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar we bu meşhur platformany ulanyp başarnyklaryny görkezip bildiler.
Maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanda STEM dersleriniň okadylmagyny, şol sanda gyzlaryň bu ugurdaky gatnaşygyny giňeltmek üçin okuwlary dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler.

Bu seminar, Türkmenistanda bilim standartlaryny berkitmek we okuwçylary geljekdäki kynçylyklara taýýarlamak boýunça has giň tagallalaryň bir bölegidir. Bilim robotlaryny bilime goşmak diňe bir onuň hilini ýokarlandyrman, eýsem çagalarda innowasion pikirlenmäni höweslendirer we oýlap tapmaga we dizaýn etmäge ylham berer.
ORIENT news








