HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek kararyna gelendigini mälim etdi

Oktýabr 25, 2023 | 23:17 |5704
Eýran tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde teklip edilen diplomat Ali Mojtaba Ruzbahani, Aşgabat şäherine gitmezden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen duşuşdy.Eýran tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde teklip edilen diplomat Ali Mojtaba Ruzbahani, Aşgabat şäherine gitmezden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.ir

Eýran tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde teklip edilen diplomat Ali Mojtaba Ruzbahani, Aşgabat şäherine gitmezden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen duşuşdy.

Ruzbahani ministre Eýranyň diplomatik missiýasynyň işiniň ugurlary barada hasabat berdi we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek baradaky meýilnamalaryny düşündirdi diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň neşirinde aýdylýar.

Duşuşygyň dowamynda Amirabdollahian, Eýranyň goňşy syýasatynda Türkmenistanyň ýagdaýyna ünsi çekdi we Eýran hökümetiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrundaky berk tutanýerliligini belledi.

Şeýle hem, Eýranyň Daşary işler ministri Yslam respublikasynyň daşary gatnaşyklarynda özara hormat we bähbit ýörelgesine ünsi çekdi we iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň soňky ýyllarda gepleşikleriň esasy meselesidigini aýtdy.

Ruzbahani, Eýranyň Türkmenistandaky dokuzynjy ilçisi bolar. Ol ondan öň Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Arkalaşygyň we Günbatar Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary, Günbatar Aziýa bölüminiň baş müdiriniň orunbasary, Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň baş müdiri, Omandaky Eýranyň ilçihanasynyň başlygynyň orunbasary hem-de Filippinlerde we Gyrgyzystanda Eýranyň ilçisi bolup işledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026