HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Aziýa-Ýuwaş umman şäherleri forumyna gatnaşdy

Oktýabr 25, 2023 | 21:14 |6947
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherler forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, BMG-niň Habitat-yň we CityNet-assosasiýasynyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan guraldy.Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherler forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, BMG-niň Habitat-yň we CityNet-assosasiýasynyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan guraldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherler forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, BMG-niň Habitat-yň we CityNet-assosasiýasynyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan guraldy.

Foruma milli we ýerli hökümetleriň, seljeriş merkezleriniň, hususy ulgamlaryň, raýat jemgyýetiniň we sebitdäki ýaşlar guramalarynyň wekillerini goşmak bilen, 1800-den gowrak gatnaşyjy ýygnandy. Üç gün dowam etjek çäräniň esasy maksady, durnukly şäher ösüşine ýetmek üçin innowasion çözgütleri, işjeň özara gatnaşyklary we täsirli hyzmatdaşlygy mobilizirlemek bolup durýar.

Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) ministrleri we agza döwletleriniň wekilleri çykyş eden APUF-8-iň ýokary derejeli mejlisi forumyň esasy sessiýalarynyň biri boldy. Bu mejlisiň dowamynda ilçi B.Durdyýew şäher gurluşygy maksatnamasy barada maglumat berdi. “akylly şäherleri” döretmek ýaly innowasion çözgütleriň möhümdigini belläp, ykdysady abadançylygy we durnukly ösüşi üstünlikli birleşdirýän “Arkadag” şäheriniň mysalyny görkezdi.

Forumyň dowamynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly şäher ösüşi boýunça ýokary derejeli Kommýunike kabul edildi, bu durnukly şäher ösüşi üçin esasy ylalaşyklary we maksatlary görkezýär. Şeýle hem, resminama toplumlaýyn şäher we sebit meýilnamalaşdyrylyşyna, gowşak ilatly ýerlere, şäher maliýeleşdirmesi we sanly innowasiýalara ünsi jemleýär.

Türkmenistanyň APUF-8-e gatnaşmagy ýurduň tejribesini we şäher ösüşindäki üstünliklerini görkezmäge, şeýle hem beýleki forum gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň täze usullaryny tapmaga mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026