

ABŞ-da syýahatçylyr üçin sanly wizalary synag edýärler
ABŞ-da tutuş dünýäden gelýän syýahatçylar üçin sanly wizalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.


ABŞ-da tutuş dünýäden gelýän syýahatçylar üçin sanly wizalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.


Türk usulynda gaýnadylýan kofe Türkiýe Respublikasynyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup, bu ýurda syýahat edeniňizde sizde iň ýakymly duýgulary galdyrjak zatlaryň biridir.


5-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda “tegelek stol” görnüşinde Türkmenistan – ABŞ işewürlik forumy geçirildi.


Sişenbe güni, 5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.


5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.


VISA töleg ulgamy, nagt däl tölegleri ösdürmekde Türkmenistana hyzmatdaşlygy teklip etdi. Bu barada kompaniýanyň hökümetler bilen işleşmek boýunça bölüminiň müdiri Žanna Disenbina tarapyndan Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan işewürlik forumynda yglan edildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Aşgabada sapar bilen gelen Halkara Zähmet Guramasynyň dolandyryş we üçtaraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Özbegistanyň we BAE-niň içeri işler ministrleri sürüjilik şahadatnamalaryny özara ykrar etmek barada Ähtnama gol çekdiler. Onuň 2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda güýje girmegine garaşylýar. Özbegistandaky sürüjilik şahadatnamasy bolan BAE-niň ýaşaýjylary şeýle-de Emirlikleriň ygtyýarnamasy alnanda synaglardan boşadylar.


2022-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen täze energetika desgalarynyň 83 göterimi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna elektrik energetikasyny öndürýär.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwada) Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.


Iwanowoda “Biziň Aziýamyz” surat sergisi dowam edýär, ORIENT bu barada diňe bir gürrüň bermän, eýsem bu taslama üçin türkmen eserlerini tapmaga hem kömek etdi. Dekabr aýynda, “ArtHab” häzirki zaman sungatynyň galereýasyny bezän gündogar suratkeşleriniň çeken suratlarynyň arasynda Aziýa şahyrlarynyň goşgulary hem diňlener. Şol sanda Magtymgulynyň goşgulary hem ýaňlanar.


Türkmenistan ilkinji gezek 5-nji dekabrda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy.


4-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda karbamid, polipropilen, çig-ýüpek we el halylary satyldy.


Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy we medeni dünýäsi” atly ylmy we medeni maslahatyň çäginde guraldy.