HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

5-nji dekabr—“Türk kofesiniň bütindünýä güni”

Dekabr 06, 2023 | 09:52 |1963
Türk usulynda gaýnadylýan kofe Türkiýe Respublikasynyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup, bu ýurda syýahat edeniňizde sizde iň ýakymly duýgulary galdyrjak zatlaryň biridir.Türk usulynda gaýnadylýan kofe Türkiýe Respublikasynyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup, bu ýurda syýahat edeniňizde sizde iň ýakymly duýgulary galdyrjak zatlaryň biridir.
Çeşme: Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

Türk usulynda gaýnadylýan kofe Türkiýe Respublikasynyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup, bu ýurda syýahat edeniňizde sizde iň ýakymly duýgulary galdyrjak zatlaryň biridir.

Türkiýede türk usulyndaky kofe adamlary birleşdirýän sosial araçy bolup durýar. Kofeniň bu ýurtda orny şeýle bir ähmiýetli welin, möhüm duşuşyklar we nahardan soňky söhbetdeşlikler hemişe: “Siz kofeni nähili içmek isleýärsiňiz” diýen soragdan başlaýar. Gaýtalanmajak tagamy we milli däplerdäki gymmaty üçin türk kofesi 2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şondan bäri 5-nji dekabrda “Türk kofesiniň bütindünýä güni” bellenilýär.

Ýüzýyllyklara uzap gidýän medeni miras

16 asyrda bu topraklarda ilkinji gezek kofe gaýnadylyp başlany bäri ol jemgyýetçilik durmuşynyň merkezine öwrüldi. Türk usulyndaky kofe tutuş Osman imperiýasynda we onuň çäklerinden has alyslarda hem meşhur boldy.

Ertirlik naharyny aňladýan “kahwalti” türk sözi “kofeniň öň ýany” diýen manyny berýär. Türkiýede myhmançylykda bolanyňyzda size ilki bilen hökman türk usulyndaky kofe hödür ederler. Kofe toý-dabaralaryň möhüm bölegi bolup durýar.

“Siz kofeni nähili içmek isleýärsiňiz?”

Kofeni türk usulynda gaýnatmak asyrlaryň dowamynda üýtgemän gelýär we onuň özboluşlylygynyň bir sebäbi bolup durýar. Türk usulyndaky kofe owradylan kofe dänelerini “jezwe” atly ýörite gapda sowuk suwda gaýnatmak arkaly taýýarlanylýar. Gaýnandan soňra ony köpürjikledip kofe käselerine guýýarlar. Kofeniň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, türk kofesi käsä löderesi bilen bile guýulýar we ýany bilen bir bulgur suw ýa-da sýüjülikler berilýär.

Türk kofesini üwemegiň we taýýarlamagyň usullary ýurduň aýry-aýry sebitlerinde tapawutlanyp biler. Egeý deňzi sebitinde mastikaly kofe meşhur bolsa, Gaziantepde Pistaсia terebinthus agajynyň dänelerini guradyp üwäp taýýarlanylýan Menengiç kofesi meşhurdyr. Daş sokuda owradylyp taýýarlanylýan “dibek” kofesi özüniň ýumşak tagamy netijesinde meşhur boldy. Ony süýt bilen içýärler. Gaty we ajy Mirra kofesi bolsa Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlurfa we Mardin sebitlerinde has ýaýrandyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026