

Türkmenistan ilkinji gezek Halkara sergiler býurosynyň geňeşiniň agzalygyna saýlandy
Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň administratiw we býujet meseleleri geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy.


Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň administratiw we býujet meseleleri geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy.


Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (ОSJD) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 2024-nji ýylyň 13-19-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler.


Türkmenistanyň serhet gümrük nokatlarynda ýerleşdirilen duýgur ekranly monitorly maglumat kiosklarynda, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň düzgünleri barada maglumat berilýär. Döwlet gümrük gullugynyň habarynda aýdylyşy ýaly, bu çäre gümrük postlarynyň işini awtomatlaşdyrmagy we häzirki zaman maglumat we müşderi hyzmat ulgamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny öz içine alýan pudaklaýyn ulgam ösüş maksatnamasy tarapyndan göz öňünde tutulýar.


Täze “Boeing 777-300 E” ýolagçy uçary duşenbe güni, 4-nji dekabrda Aşgabat Halkara howa menziline gondy. Bu, howa gämisi üýtgetmeleri boýunça gelmeli iki uçaryň ilkinjisidir, ony satyn almak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Amerikanyň “Boeing” uçar öndürýän kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Täze uçaryň gelendigini barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berdi.


Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew duşenbe güni, 4-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ynanç hatyny gowşurdy.


Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Özbegistanyň paýtagtynyň metropolitenindäki “Halklaryň dostlugy” stansiýasynda ilkinji gezek eliň aýasyny skaner etmek arkaly töleg amaly ýola goýuldy. Bu barada ýurduň Milli habarlar agentligi Daşkent şäher häkimliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy Bişkek şäherinde “Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda Magtymguly Pyragynyň orny” atly halkara ylmy maslahaty gurady. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.


Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabrynda Moskwada geçirilipdi.


Gepleşikler Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda meýilleşdirilýän mejlisiniň çäklerinde geçirildi.


“Airbus” kompaniýasy has aňsat we has ygtybarly dikuçar dolandyryşy üçin tehnologiýany kämilleşdirmegiň bir bölegi hökmünde dikuçarlary planşet arkaly özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi.


Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” filmi, meşhur rus aktýory, kino režissýory, ssenarist, prodýuser we alyp baryjy, XXIX Minsk halkara “Listapad” film festiwalynyň emin agzalarynyň ýolbaşçysy Igor Ugolnikow tarapyndan ýörite diplom bilen sylaglandy.


Hepdäniň birinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Ikinji ýarymynda howanyň sowamagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +9 ℃ töwereklerinde saklanyp, gijelerine -10 ℃ çenli düşer.


2030-njy ýyla çenli Belarus Respublikasy dolandyryş hyzmatlarynyň köpüsini elektron görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär.


Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly Pyragy» atly portaly döredildi.