

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda pagta übtügine uly isleg bildirildi
Şişenbe güni, 13-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda pagta übtügi satyldy.


Şişenbe güni, 13-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda pagta übtügi satyldy.


BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekiliýeti açylyş dabarasy sentýabr aýynyň 10-da geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan etdi.


12-nji awgustda Awazada Halkara Hazar gününe bagyşlanylyp geçirilen Maslahatynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň ynanylan wagtlaýyn wekili Pýotr Şýukin çykyş edip, ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada iş saparynda bolup, sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


13-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan bilen Seýşel adalary Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy barada Teswirnama gol çekildi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz türk kärdeşi Hakan Fidanyň çakylygy boýunça 13-14-nji awgustda Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.


Duşenbe güni, 12-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmengaz” DK önümine uly isleg bildirildi.


Hormatly türkmen hususy kärhanalarynyň wekilleri, USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda (TCA) Maksatnamasy türkmen işewürlik gurşawynda Daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş (ESG) ýörelgeleri barada habarlylygyň we düşünjäniň derejesini öwrenmek üçin sowalnama arkaly gözleg geçirýär.


Gyrgyzystan “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministri Nuriýu Kutnaýewa salgylanyp, “Kabar” milli agentligi habar berýär.


Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.


Şenbe güni, 10-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň önümleri satyldy.


12-nji awgustda Awazada “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp geçirilen bu Maslahat Türkmenistanyň hökümetiniň agzalaryny we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, daşary ýurt ilçilerini, halkara we sebit guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.


Duşenbe güni, 12-nji awgusta Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan we Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew şu ýylyň güýzünde Bişkek şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasnyň (TDG) 11-nji Sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdyrlar.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen matematika boýunça 31-nji Halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, 14 sany – 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medala eýe boldular.


Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi.