

Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Teswirnamanyň tassyklanylmagy barada habar berildi
Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi.



















