HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Seýşel adalary Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular

Awgust 13, 2024 | 21:45 |11199
13-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan bilen Seýşel adalary Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy barada Teswirnama gol çekildi.13-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan bilen Seýşel adalary Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy barada Teswirnama gol çekildi.
Çeşme: uae.tmembassy.gov.tm

13-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan bilen Seýşel adalary Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlandygy barada Teswirnama gol çekildi.

Resmi dabara Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň ilçihanasynda bolup geçdi. Iki ýurduň BAE-däki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri – Serdarmämmet Garajaýew hem-de Žerwe Mumu bu Teswirnama gol çekdiler.

Türkmen wekilhanasynda habar berilşi ýaly, Türkmenistan bilen Seýşel adalarynyň arasynda diplomatik we konsullyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny berkidýän bu Teswirnama, BMG-niň Düzgünnamasyna we halkara hukugyna laýyklykda garaşsyzlyk, deňlik, özara hormat goýmak we içerki ýagdaýlara goşulşmazlyk ýörelgelerini aýratyn belleýär.

Teswirnama gol çekilenden soňra, ilçiler netijeli duşuşyk geçirip, onda esasy ugurlara üns bermek bilen, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk, bilim, syýahatçylyk we söwda pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçiler medeni dialog we syýahatçylygy ösdürmeklik diňe bir dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrman, eýsem özara bähbitli ykdysadyýeti üpjün eder diýip ylalaşdylar. Şeýle-de göni syýahatçylyk ugurlaryny ýola goýmak, her ýurduň däp-dessuryny we ajaýyp özboluşlyklaryny açyp görkezýän medeni çäreleri gurnamak mümkinçiliklerini öz içine alýan bu pudak boýunça özara teklipleri maslahatlaşmaga ylalşdylar.


Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklar BAE-da Seýşel wekilhanasynyň garamagyna degişlidir.

Seýşel adalary Respublikasy – bu Gündogar Afrikadaky ada döwletidir. Ol Hindi ummanynyň günbatar böleginde, ýagny ekwatordan biraz günortada, afrikan materiginden 1600 km gündogarda, Madagaskaryň demirgazygynda ýerleşendir. Döwletiň tutýan umumy meýdany – 459 km2. Iň uly ada – Mae adasydyr. Onda döwletiň paýtagty Wiktoriýa şäheri ýerleşendir. 2023-nji ýyldaky maglumatlara görä, ýurduň ilat sany 97 617 adama barabardyr. Dolandyryş görnüşi boýunça Seýşel ýurdy prezident respublikasy bolup, ol 1976-njy ýylyň 29-njy iýunynda Beýik Britaniýadan garaşsyz diýlip yglan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026