HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede halkara howa menzili açyldy

Awgust 13, 2024 | 09:57 |9704
Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy.  Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy.  Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: ixbt.com

Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.

Howa menziliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýe Respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly täze howa menzili Türkiýäniň sebit we dünýä üçin howa derwezesi bolar. Bu howa menzili Çukurowa sebitinde söwda, syýahatçylyk we oba hojalygy önümçiliginiň ösmegine goşant goşar we takmynan 3 müň adamy iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Howa menzili 800 gektary eýeläp, terminalynyň meýdany 110 müň inedördül metre deňdir. Çukurowa howa menziline uçuşlar Adana şäherinden geçirilýär we hepdede bäş gezek amala aşyrylar.

Respublikanyň Ulag ministri Abdulkadir Uraloglunyň sözlerine görä, bu eýýäm Türkiýedäki 58-nji howa menzili bolup, onuň gurluşygynyň bahasy 244,5 million ýewro deň boldy, 3500 metr uzynlygyndaky uçuş-gonuş zolagy CAT-II ülňülerine laýyklykda guruldy we ähli görnüşli uçarlary şol sanda giň göwrümli uçarlary kabul etmäge we uçurmaga ukyply.

Mersin we Adana şäherinden howa menziline çenli ýokary tizlikli automobile ýoly çekildi we ýakyn wagtda ýokary tizlikli otly iki şäherden hem 23 minutda barmaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026