HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hazaryň ekoulgamyny gorap saklamak üçin bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegine çagyrýar

Awgust 13, 2024 | 00:45 |12882
12-nji awgustda Awazada “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp geçirilen bu Maslahat Türkmenistanyň hökümetiniň agzalaryny we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, daşary ýurt ilçilerini, halkara we sebit guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.12-nji awgustda Awazada “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp geçirilen bu Maslahat Türkmenistanyň hökümetiniň agzalaryny we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, daşary ýurt ilçilerini, halkara we sebit guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji awgustda Awazada “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp geçirilen bu Maslahat Türkmenistanyň hökümetiniň agzalaryny we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, daşary ýurt ilçilerini, halkara we sebit guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.

Hormatly myhmanlar hökmünde Türkiýeden, Gruziýadan, Rumyniýadan, Beýik Britaniýadan we Täjigistan Respublikasyndan wekiller, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjy edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, UNEP, OBSE Aşgabat merkeziniň, FAO, Bütindünýä banky, Halkara umman institutynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara gutlag sözüni ýollap, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlaryny we gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň Hazaryň baý ekoulgamyny we biologik köpdürlüligini gorap saklamakda bilelikdäi barlaglaryň dowam etdirilmegine çagyrýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany biziň ýurdumyzyň Hazar sebitindäki köpsanly ekologik meseleleri boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk üçin giň ýol açýan “Hazar ekologik başlangyjyny” döretmek teklip edendigini hem ýatlatdy. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde tagallalaryň birleşmegine we geljekde maksatlaýyn çäreleriniň alnyp barylmagyna ýardam berer.

Soňra çykyş edenler Hazaryň deňiz gurşawyny goramak babatynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi barada bellemek bilen, ekologiýany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen tanyşdyrdyp, ykdysady düzüjileri hasaba alnan geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açyp görkezdiler.

13082024-den-kaspiya-v-turkmenistane (2).jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berilmegine görä, Maslahatyň dowamynda Hazar boýunça netijeli syýasy dialogynyň täze formatlarynyň işlenilip düzülmeginde Türkmenistanyň orny barada aýratyn bellenildi.

Hazar deňziniň gününi bellemek baradaky karar 2007-nji ýylda Bakuda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň (Tähran Konwensiýasy - 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda öz güýjüne girdi) taraplarynyň ilkinji maslahatynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisi (Russiýa Federasiýay, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.

Tähran Konwensiýasy deňiz gurşawyny gorap saklamaga we ony dikeltmäge gönükdirilendir. Bu maksatlar tebigaty goramagyň halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, esasan hem, Hazar deňziniň bilogik serişdeleriniň durnukly we rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawa täsir etmegi bahalandyrmagyna we monitoringine, ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara esaslanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026