HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Awgust 13, 2024 | 10:28 |9303
Gyrgyzystan “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministri Nuriýu Kutnaýewa salgylanyp, “Kabar” milli agentligi habar berýär.Gyrgyzystan “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministri Nuriýu Kutnaýewa salgylanyp, “Kabar” milli agentligi habar berýär.
Çeşme: setphone.ru

Gyrgyzystan “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministri Nuriýu Kutnaýewa salgylanyp, “Kabar” milli agentligi habar berýär.

Ozal ähli döwlet edaralary özleri üçin bulut maglumat saklaýyş serwerlerini satyn alýardylar. “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizilmegi bilen, bularyň hemmesi döwlet maglumatlary işläp taýýarlaýan merkeziň meýdançasy bolar.

Döwlet maglumatlary işläp taýýarlaýan döwlet merkezi ýakyn wagtda açylar.

Bulut maglumat saklaýyş ulgamy, maglumatlary we faýllary internetde saklamak üçin wirtual gutydyr. Siz munda resminamalary we beýleki maglumatlary göçürip alyp, olara internet arkaly girip bilersiňiz. Adaty kompýuterlerde bolşy ýaly, bulut maglumat saklaýyş ulgamy faýllar bilen işlemäge mümkinçilik berýär: görmek, redaktirlemek we pozmak. Ýerli disklerden tapawutlylykda maglumatlar enjamda däl-de, üpjün edijiniň serwerinde saklanýar.

Üpjün ediji, maglumat saklanyş serwerlerini, infrastrukturany we torlary ygtybarly goraglylygy üpjün edýär we olary dolandyrýar. Şonuň esasynda maglumat size zerur bolanda, çäksiz we çeýe göwrümde girmäge mümkinçilik berýär.

Mysal üçin, bulut maglumat saklaýyş ulgamy – “Google Driver"-de resminamalar, suratlar, wideolar we beýleki faýllar saklanýar. Bulut maglumat saklaýyş ulgamy işewürlikde hem ulanylýar: mysal üçin, ulanyjy maglumatlaryny, amallaryny, surat we wideo mazmunyny saklaýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026