

“Business Central Asia” halkara žurnaly ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady
Nýu-Deli şäherinde çap edilýän “Business Central Asia” halkara žurnaly nobatdaky ýörite sanyny türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlady.


Nýu-Deli şäherinde çap edilýän “Business Central Asia” halkara žurnaly nobatdaky ýörite sanyny türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlady.


02.06.2022 ý. senede Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Tähran şäherindäki Çitgar seýilgähinde Ilçihananyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we ýerli raýatlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady.


3-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününi Türkmenistan däp boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen belleýär. Aşgabatda köpmüň adamlyk bu çäre ýurduň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly diplomatlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleriniň, türgenleriň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýär.


2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Gruziýanyň Adalat ministrliginiň Milli jemgyýetçilik sanawy agentliginiň wekilleriniň arasynda ýuridik şahslary elektron ulgamy arkaly bellige almak, şeýle hem “Bir penjire” ýörelgesi esasynda ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek we dolandyrmak ugry boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.


Çarşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $45,6 million we 95,8 million manat bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


16-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek onlaýn arkaly geçirer diýlip, edaranyň bildirişinde aýdylýar.


Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň derwaýyslygyny nygtap geçdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mekkede umra hajyny berjaý etdi.


Aşgabatda 30-31-nji maýda ÝHHG-na agza döwletleriň Espo Konwensiýasyna goşulyşmagy we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara hem-de öňdebaryjy tejribe babatda iki günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.


2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirdi.


“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna barýan zyýaratçylar we syýahatçylar üçin ýörite otly gurnady.


Sişenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy nahasy $11,4 million we 11,1 million manatlyk 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Iki ýyldan gowrak wagtdan soň, Aşgabat-Kazan aralygyna gaýtadan dikeldilen ugur boýunça howa arkaly ýolagçy gatnawy amala aşyryldy, munuň şeýledigine Kazanyň howa menziliniň onlaýn-tablosyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Prezidenti ýurt daşyna bolan ilkinji saparyny Saud Arabystanyna amala aşyrdy.


Sişenbe güni Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze Köpugurly hassahana baryp gördi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.