ÝHHG ilkinji gezek hünärmenleriň gatnaşmagynda Aşgabatda žurnalistleriň hukuklary boýunça seminar geçirýär


Žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça ÝHHG-nyň Merkeziniň okuwy Aşgabatda öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň, kazyýetleriň, aklawçylar kollegiýasynyň we Türkmenistanyň hukuk maslahat merkezleriniň wekilleri gatnaşýar.
Seminaryň maksatnamasy söz erkinligi babatynda kanuny kadalaşdyrmak, žurnalistleriň maglumat ýygnamakdaky we ýaýratmakdaky hukuk standartlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligi üçin zerur şert hökmünde olaryň howpsuzlygyny we goralmagyny üpjün etmek ýaly žurnalistika käriniň möhüm taraplaryny öz içine alýar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor Türkmenistanyň 30 ýyl gowrak mundan ozal ÝHHG-a gatnaşyjy döwlet bolmak kararyny kabul etmek bilen, ÝHHG-nyň, şol sanda metbugat pudagynyň hem halkara standartlaryny we ýörelgelerini berjaý etmäge borçlanandygyny belledi. Bu seminar görkezilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Okuw ilkinji gezek ÝHHG-nyň degişli okuwyny alan milli tälimçiler – milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri tarapyndan geçirilýär.
Şeýle hem seminarda şahsy maglumatlary goramak, žurnalistleriň kazyýet, hukuk goraýjy edaralar, döwlet edaralary we agentlikler bilen işlemeginiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşylar.
ORIENT news
Surat: reform.by








