Aşgabatda milli aýdym-saz sungatynyň Halkara festiwaly başlandy


Türkmenistanda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly açyldy. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Tatarystanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri Türkmenistana geldiler.
30-njy noýabra çenli dowam edýän festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe ýurtlaryň ýerine ýetirijileriniň, sazandalarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň tanymal sungat işgärleri bilen ussatlyk sapaklary we döredijilik duşuşyklary geçirilýär.
Festiwala gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýäniň dürli ýurtlary bilen dostluk köprüsi bolup durýan sungatyň aýratyn orny barada belläp geçdi.
Türkmen Lideri gutlagynda «Medeni mirasy dünýäde ýaýmak, ussat zehinleri ýüze çykarmak we sungat işgärleriniň özlerini bu ugurda has-da ösdürmekleri üçin ähli şertleri dörederis» - diýip nygtaýar.
ORIENT news
Surat: centralasia.news








