

“Türkmenenergo” we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy elektrik energiýasyny ibermek hakynda Teswirnama gol çekdiler
“Türkmenergo” döwlet korporasiýasy we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy Gerat sebitindäki Nur al-Jihad elektrik paýlaýjy bekedi arkaly elektrik energiýasyny ibermek hakynda bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna türkmen tarapyndan resmi wekiller hökmünde korporasiýanyň tehniki we halkara taslamalar bölümleriniň wekilleri, owgan tarapyndan bolsa, kompaniýanyň baş direktory gatnaşdy.



















