HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenenergo” we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy elektrik energiýasyny ibermek hakynda Teswirnama gol çekdiler

Awgust 17, 2023 | 18:13 |19931
“Türkmenergo” döwlet korporasiýasy we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy Gerat sebitindäki Nur al-Jihad elektrik paýlaýjy bekedi arkaly elektrik energiýasyny ibermek hakynda bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna türkmen tarapyndan resmi wekiller hökmünde korporasiýanyň tehniki we halkara taslamalar bölümleriniň wekilleri, owgan tarapyndan bolsa, kompaniýanyň baş direktory gatnaşdy.“Türkmenergo” döwlet korporasiýasy we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy Gerat sebitindäki Nur al-Jihad elektrik paýlaýjy bekedi arkaly elektrik energiýasyny ibermek hakynda bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna türkmen tarapyndan resmi wekiller hökmünde korporasiýanyň tehniki we halkara taslamalar bölümleriniň wekilleri, owgan tarapyndan bolsa, kompaniýanyň baş direktory gatnaşdy.
Çeşme: main.dabs.af

“Türkmenergo” döwlet korporasiýasy we Owganystanyň “DABS” kompaniýasy Gerat sebitindäki Nur al-Jihad elektrik paýlaýjy bekedi arkaly elektrik energiýasyny ibermek hakynda bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna türkmen tarapyndan resmi wekiller hökmünde korporasiýanyň tehniki we halkara taslamalar bölümleriniň wekilleri, owgan tarapyndan bolsa, kompaniýanyň baş direktory gatnaşdy.

Gol çekişlik dabarasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň we Owganystanyň iri elektrik kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Mundan ozal, owgan Hökümetiniň agzalarynyň mälim etmegine görä, Türkmenistandan elektrik energiýasynyň import mukdaryny täze elektrik taslamasyny durmuşa geçirmek bilen iberiliş möçberini artdyrmak Owganystanyň demirgazyk-günbatar sebitindäki elektrik energiýasy bilen bagly meseleleri çözmäge şert döreder.

Ikitaraplaýyn gepleşikler taslamany durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmek meselelerini çözmek, ony başlamagyň senesini we howpuzlyk çärelerini işläp taýýarlamak boýunça ylalaşyklar bilen tamamlandy.

Gerat sebitiniň Owgystanyň esasy söwda we senagat merkezleriniň biri hökmünde, ýerli önüm öndürijileriň elektrik energiýasyna bolan islegini artdyryp, bu sebite maýa goýujylary çekmäge şert döredýär. Häzirki wagtda, Aşgabat we Kabul şäherleri iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 2 esse artdydyp, 110 kW-dan 220 kW-a ýetirmegi maksat edinýär. Owganystan Türkmenistandan elektrik energiýasyny import ediji iň irki ýurtlaryň biridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026