HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO agza bolmagynyň 30 ýyllygyny belleýär: Prezident Odre Azulä gutlaglaryny iberdi

Awgust 17, 2023 | 00:26 |5553
17-nji awgustda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agza bolmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi we bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplanandygyny hatynda belledi.17-nji awgustda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agza bolmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi we bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplanandygyny hatynda belledi.
Çeşme: @embassyturkmenistaninfrance

17-nji awgustda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agza bolmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi we bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplanandygyny hatynda belledi.

“Türkmenistan geljekde hem ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam eder” - diýip, döwlet Baştutanymyz bu guramanyň sekretariatynyň Baş direktoryna ä we ähli işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurt baştutanyny Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady we ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belläp geçdi.

“Türkmenistanyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Ähtnama gol çekilmegi medeni, tebigy mirasy goramak boýunça amala aşyrylýan işler üçin ýurdumyza berlen ýokary bahadyr” – diýip, gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Nusaýyň, gadymy Merwiň, Köneürgenjiň ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, keşdeçilik sungatynyň bolsa Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň geljekki nesiller üçin taryhy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça alyp barýan giňgöwrümli işleriniň hataryna girýär.

Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň üstünliklerine 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, akyldar şahyryň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» sanawynda orun almagy we Pyragynyň 300 ýyllygynyň guramanyň Şanly seneler sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy hem degişlidir.

Ozal Aşgabatda 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyň geçiriljekdigi habar berlipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026