

Timur Bekmambetow Gazagystanda täze kino žanryny ösdürer
Tanymal kinorežissýor Timur Bekmambetow Gazagystanyň kino pudagyny ösdürmegi we ekran durmuşy žanrynda täze sanly dil döretmegi - ekrandaky durmuşy, sanly durmuş hakda gürrüň bermegi maksat edinýär. Ol pikirleri we taslamasy bilen Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen bolan duşuşygynda paýlaşdy diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berýär.




















