HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samarkandda TDG-a agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň III mejlisi geçirilýär

Awgust 17, 2023 | 00:41 |6971
Sişenbe güni Samarkandda birbada iki halkara forum - Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza we synçy ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň III mejlisi we 9-njy Bütindünýä türki lukmançylyk gurultaýy öz işine başlady. Maslahata TDG-a agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleri, baýry lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, abraýly lukmançylyk klinikalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleriniň, iri derman kärhanalarynyň we korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar gatnaşdylar – diýip, “Dunýo” habarlar agentligi habar berýär.Sişenbe güni Samarkandda birbada iki halkara forum - Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza we synçy ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň III mejlisi we 9-njy Bütindünýä türki lukmançylyk gurultaýy öz işine başlady. Maslahata TDG-a agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleri, baýry lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, abraýly lukmançylyk klinikalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleriniň, iri derman kärhanalarynyň we korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar gatnaşdylar – diýip, “Dunýo” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: UzDaily.uz

Sişenbe güni Samarkandda birbada iki halkara forum - Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza we synçy ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň III mejlisi we 9-njy Bütindünýä türki lukmançylyk gurultaýy öz işine başlady. Maslahata TDG-a agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleri, baýry lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, abraýly lukmançylyk klinikalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleriniň, iri derman kärhanalarynyň we korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar gatnaşdylar – diýip, “Dunýo” habarlar agentligi habar berýär.

Delegatlar birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we türki dilli ýurtlaryň farmakopeýa düzgünleriniň işlenip düzülmegi, adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwerlik we lukmançylyk-sanitar kömegini bermek boýunça Hereket meýilnamasynyň bilelikdäki taslamasyny taýýarlamak, şeýle-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny görkezýän bilelikdäki jarnamany kabul etdiler.

Şeýle hem, forumda derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň bilelikdäki önümçiligini ýola goýmagyň, guramanyň agza döwletleri tarapyndan lukmançylyk pudagynda berlen diplomlary özara ykrar etmegiň mümkinçililkeri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Samarkand Jarnamasy TDG-a agza we synçy ýurtlaryň gatnaşmagynda saglyk syýahatçylygy pudagynda umumy ulgamyň, Bitewi lukmançylyk maglumat sözlüginiň döredilmegine ýardam eder we beýleki taslamalara goşant goşar.

TDG-nyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Türki Geňeş hökmünde döredilendigini we 2021-nji ýylyň noýabr aýynda guramanyň adynyň Türki döwletleriň guramasy diýen ada öwrülendigini ýatlatmak isleýäris. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan bu gurama agza döwletlerdir, Wengriýa bilen Türkmenistan bolsa oňa synçy hökmünde gatnaşýar. Guramanyň baş maksady türki halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026