

GDA-nyň oýunlaryna 150-den gowrak lukmançylyk işgärleri hyzmat eder
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň II oýunlaryna 150-den gowrak lukmançylyk işgärleri hyzmat eder. Bu barada Belarus Respublikasynyň Olimpiýa komiteti habar berýär.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň II oýunlaryna 150-den gowrak lukmançylyk işgärleri hyzmat eder. Bu barada Belarus Respublikasynyň Olimpiýa komiteti habar berýär.


Apple kompaniýasy Apple GPT hususy çat-botyny— OpenAI-dan ChatGPT meňzeşini işläp düzdi – diýip, Bloomberg neşiri habar berýär.


Gazagystanda ähli türki dilli ýurtlarda belli bolan gadymy rowaýatlaryň esasynda 10 synag animasiýa taslamasyny döretmäge başladylar. Animasiýa almanahyna girýän her bir hroniki filmiň wagty 5 minutdan gowrak diýip, «Gazagystan Prawda» «Gazakanimasiýa» döredijilik birleşiginiň buýrugy bilen täze animasiýa filmlerini öndürmäge başlan, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.


Daşkentde, küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 17-nji Aziýa çempionaty penşenbe güni, 20-nji iýulda tamamlandy. Bu gün, ýaş türgenler tutuş oýun üçin 3 minut wagt gözegçiligi we her hereketi üçin 2 sekunt goşmak bilen blits ýaryşyna gatnaşdylar. Küştiň bu görnüşi, oýun wagtynda çalt we hatda ýyldyrym çaltlygy bilen karar bermegi talap edýär.


Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde täze synag gün energiýasy ulgamy oturdyldy. Etrap başlangyç saglygy goraýyş merkezi, ýurtda elektrik energiýasy bilen üpjün edýän gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan ilkinji edara boldy. Bu maksatnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilen UNISEF-iň innowasion taslamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.


2023-nji ýylyň 17-21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletiniň Doha şäherine iş sapary amala aşyryldy.


Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili (ýeri Astanada) Rubema Antonio Korrea Barboza çarşenbe güni Türkmenistan Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşuryp, öz wezipesine girişdi.


Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan 2,73 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport edip, bu baradaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokarlandy.


“Windows” operasion ulgamly kompýuterler üçin maglumatlary simsiz “Android” ulgamly enjamlar bilen göniden-göni özara alyşmaga ýardam berýän “Nearby Share” programmasy elýeterli edildi.


MA ýurtlarynyň we Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň indiki sammiti Özbegistanda, Samarkant şäherinde geçer.


Hytaýyň aragatnaşyk operatorlary HHR-ny indiki nesliň simsiz tehnologiýasy 6G-niň ösüş merkezi etmek isleýärler – diýip, China daily habar berýär.


Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ikinji meýletin milli syny Birleşen Milletler Guramasynyň resmi web-saýtynda halkara jemgyýetçiligi bilen paýlaşyldy.


19-njy iýulda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi.


Gazagystan Hazarüsti halkara ulag ugry (Orta geçelge) arkaly ýük gatnawyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Jiddada «Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň Geňeşi» atly birinji Sammitde çykyş etmek bilen beýan etdi.


Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler boýunça Toparyň Moskwada geçen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.