HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň Kiçi teatry « Uly gastroliniň» çäginde Türkmenistanda sahnalar goýar

Awgust 30, 2023 | 01:35 |13145
Russiýanyň Döwlet akademiki Malyý teatry «Uly gastroli» taslamasynyň
çäginde sentýabr aýynda Türkmenistana geler. Rus artistleri türkmen
köpçüligine iki - «Wişnýowyý sad» we «Ženitba» sahnalaryny hödürlär.
Spektakllar 18-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda bolar.Russiýanyň Döwlet akademiki Malyý teatry «Uly gastroli» taslamasynyň
çäginde sentýabr aýynda Türkmenistana geler. Rus artistleri türkmen
köpçüligine iki - «Wişnýowyý sad» we «Ženitba» sahnalaryny hödürlär.
Spektakllar 18-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda bolar.
Çeşme: kiçi teatrynyň resmi web sahypasy

Russiýanyň Döwlet akademiki Kiçi teatry «Uly gastroli» taslamasynyň çäginde sentýabr aýynda Türkmenistana geler. Rus artistleri türkmen köpçüligine iki - «Wişnýowyý sad» we «Ženitba» sahnalaryny hödürlär. Spektakllar 18-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda bolar.

Roskonsertiň metbugat gullugynyň habaryna görä, rus teatrlarynyň «Uly gastroli» sentýabr aýynda Türkmenistanda, şeýle hem Özbegistanda, Abhaziýada we Belarusda geçiriler.

«Bitewi gastroli ulgamyny döretmek pikiri, tutuş ýurt boýunça döredijilik toparlaryndan ajaýyp seslenme aldy. Bütin Russiýa gastroli-konsert meýilnamasynyň «Uly gastroli» we «Biz – Russiýa» programmalary ýylsaýyn has köp gatnaşyjy özüne çekýär», - diýip metbugat gullugynda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň sözlerine salgylandylar.

Güýz sapary gezelenjinde Özbegistana gitjek S.W Obrazsow adyndaky Döwlet akademiki merkezi gurjak teatry, Abhaziýada «Ussahana» sahnasyny goýjak Sankt-Peterburg teatry bolar.

Belarusdaky tomaşaçylar «Baltika öýi» teatr-festiwalynyň, Marynyň E.Sapaýew adyndaky opera we balet teatrynyň hem-de Rostow döwlet sazçylyk teatrynyň çykyşlaryna tomaşa ederler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

17:34 Sentýabr 06, 2026
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026