

OPEC, CNPC we “Dragon Oil” Aşgabatda geçiriljek halkara nebit-gaz maslahatyna gatnaşarlar
Aşgabatda şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.


Aşgabatda şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.


30-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.


23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.


Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 30-njy awgustda Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowdan ynanç hatlaryny kabul etdi.


Russiýanyň taekwondo federasiýasy ITF Aziýa taekwondo federasiýasynyň ITF agzasy boldy, bu bolsa Russiýadan gelen türgenlere Aziýa kontinental ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer. Bu barada Russiýa Federassiýasynyň metbugat gullugy öz sosial ulgamlarynda habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Daşoguz welaýat häkimliginiň bilim we medeniýet bölümleri, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy “Daşoguz habarlary” gazeti bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Döredijilik eserleri goşgy, düzme we surat çekmek boýunça bolmaly we Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanmaly.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi dramaturglaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. “Türkmenistan” gazetinde mälim edilişine görä, bäsleşik mertligi, gahrymançylygy, watansöýüjiligi wasp etmek, şeýle hem milli teatr işini ösdürmek maksady bilen guralýar.


Durnuksyz şertlerde durnuklylyk. Awgust aýynyň makroykdysady synynda Ýewraziýa Ösüş Banky sebitiň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösýändigini tassyklady.


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatia duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilmek üçin bäş resminamadan ybarat bukja taýýarlanýar. Olaryň esasysy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy bolar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi çarşenbe güni Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde diplomatik korpusyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.


Öýüňde dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň döwrebap öý hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ulanmak her kimiň arzuwy. Ýöne munuň üçin uly pul serişdesini birbada tapmak ýeňil-ýelpaý iş hem däl. Şundan ugur alyp, Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Elektronika dünýäsi” öý hojalyk tehnikalary dükany amatly mümkinçiligi müşderilere hödürleýär.


«Beýik Amir we Donna Mariýa» atly taryhy film Türkiýede surata düşürilýär. Bu, türk asylly Merkezi Aziýanyň hökümdary, Merkezi, Günorta we Günbatar Aziýanyň, şeýle hem Kawkazyň, Wolga ýakasynyň we Rusyň taryhynda möhüm orny bolan beýik serkerde Amir Temur hakda gürrüň berýän bilelikdäki türk-özbek filmiň taslamasy.


30-njy awgustda Türkiýe milli baýramy - Ýeňiş günini belleýär. Hut şol gün, 2022-nji ýylda Dumlupynaryň ýanyndaky söweşde türk goşuny ýeňiş gazandy.


2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjana senagatda ulanmak üçin 75808 tonna suwuk ýangyç eksport etdi. Bu barada Azerbaýjanyň statistika baradaky döwlet edarasy habar berýär.