HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar ilkinji gezek Uly adron kollaýderde neýtrino bölejiklerini synladylar

Awgust 30, 2023 | 13:49 |8787
Alymlara ilkinji gezek Uly adron kollaýderinde dünýäde ähli materianyň içinden geçip bilýän, onuň bilen hiç hili galtaşmaýan iň kiçi we syrly bölejikleri – neýtrinony synlamak başartdy. Munuň özi alymlara tebigatyň binýatlyk kanunlaryna has gowy düşünmäge we Älem nädip dörändigini anyklamaga ýardam berer.Alymlara ilkinji gezek Uly adron kollaýderinde dünýäde ähli materianyň içinden geçip bilýän, onuň bilen hiç hili galtaşmaýan iň kiçi we syrly bölejikleri – neýtrinony synlamak başartdy. Munuň özi alymlara tebigatyň binýatlyk kanunlaryna has gowy düşünmäge we Älem nädip dörändigini anyklamaga ýardam berer.
Çeşme: Faser Collaboration

Alymlara ilkinji gezek Uly adron kollaýderinde dünýäde ähli materianyň içinden geçip bilýän, onuň bilen hiç hili galtaşmaýan iň kiçi we syrly bölejikleri – neýtrinony synlamak başartdy. Munuň özi alymlara tebigatyň binýatlyk kanunlaryna has gowy düşünmäge we Älem nädip dörändigini anyklamaga ýardam berer.

Ozal alymlar neýtrinony bellige alyp bilmeýärdiler, sebäbi olar anyklaýyş serişdeleriniň içinden geçip gidýärdiler. FASER bilen SND@LHC kollobarasiýalaryň alymlary bu bölejiklere syn etmek üçin, ilkinji gezek bahasy gymmat bolmadyk detektorlary ulandylar.

Barlagyň dowamynda Uly adron kollaýderde ýokary energiýaly 153 neýtrinonyň bardygy bellige alyndy. Şeýle netije barlaghana şertlerinde ozal alynmaýardy.

Bu waka elementar bölejikler fizikasynda uly öňe gidişlik bolup, neýtrinonyň häsiýetlerini öwrenmek üçin, şeýle hem ylyma mälim bolan ähli fundomental güýçleri we bölejikleri beýan edýän nazaryýeti – Standart modeli barlamak üçin täze mümkinçilik açýar.

Şeýle hem bu açyşyň netijesinde alymlar materiany düzýän protonlaryň düzümini we hereketini has gowy öwrenip bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026