Oleg Kononenko älemde bolmagynyň dowamlylygy boýunça rekord goýmaga taýynlanýar


Ýyldyzlar şäherçesinde uçuşdan öň taýýarlyk görmek üçin Baýkonur kosmodromyna giden MKS-70/71 ekspedisiýasynyň esasy we ätiýaçlyk ekipažlaryny ugratmak dabarasy geçirildi. «Soyuz MS-24» älem gämisiniň uçurylyşy 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ekspedisiýanyň serkerdesi we «Soýuz MS-24» älem gämisi bäşinji gezek kosmosa uçýan Türkmenistanda doglan we Türkmenistanyň at gazanan Gahrymany Oleg Kononenko. Onuň bort inženerleri Nikolaý Çub we Amerikaly astonawt Loral O'Hara. Ätiýaçlyk ekipažynyň düzüminde kosmonawt Alekseý Owçinin we Amerikaly Treýsi Daýson bar.
Kosmonawtlary ugratmak üçin olaryň garyndaşlary we dostlary, şeýle hem Roskosmosyň we Yu.A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş Merkeziniň ýolbaşçylary geldiler.
Kosmonawtlar awtobusa münmezden ozal gysga brifing berdiler we meýilnamalary we uçuşdan garaşýan zatlary barada gürrüň berdiler.
«Bizde 60-dan gowrak synag geçirildi, şolardan ýedisi täze. Açyk äleme dört gezek çykmak meýilleşdirilýär we ýük gämileri ýeterlik bolar. Orbitada köp ekipaž göreris diýip umyt edýärin, sebäbi azyndan adamly üç SpaceX, iki «Soýuz»-a garaşýarys», diýip Oleg Kononenko aýtdy.
Bu ekspedisiýa Oleg Kononenko üçin aýratyn bolar, sebäbi ol rus kosmonawtlarynyň arasynda älemde geçiren umumy wagty boýunça rekord goýar. Uçuşy 375 gün dowam eder, şondan soň älemde müň gije-gündizden gowrak netije bilen Ýere gaýdyp geler.
Baýkonurda ekipažlar uçuşa taýýarlygyň soňky tapgyryny geçerler.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglan we orta mekdebi tamamlan. Soňra ol Çärjewiň awiasiýa topary birleşmesiniň awiatehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada, Altyn Aý altyn medalyna, Türkmen döwletine eden hyzmatlary üçin «Prezidentiň ordeni» bilen sylaglandy.
ORIENT news








