

Kaka etrabynda täze suw göteriji beket gurlar
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw göteriji beket gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw göteriji beket gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Türkmen wekiliýeti Daşkentde 31-nji iýuldan 7-nji awgust aralygynda boljak taryhda ilkinji Aziýanyň ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşar. Onuň guramaçylary bolup Aziýanyň Olimpiýa geňeşi şaýbaly hokkeýiň Halkara federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş ederler.


Amerikan tehnologiki kompaniýasy Intel özüniň ähli önümlerine emeli intellekti ornaşdyrmak meýili barada beýan etdi.


Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekology Hojamyrat Hojamyradow Köýtendag sebitinde guşlaryň biziň çäklerimizde duş gelmeýän täze görnüşini surata aldy. Alymlar bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň, bu guş görnüşiniň biziň ýurdumyzyň çäklerine täze gelendigi belli boldy.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda sekuntda 2,13 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw bekedi gurlar. “Ýaşyldepe” diýlip atlandyryljak täze suw göteriji beketde suwy eltiji, göteriji, paýlaýjy turbageçirijiler we elektrik hereketlendirijiler oturdylar.


Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak üçin potratçy kesgitlenildi. Mart aýynda yglan edilenbäsleşigiň netijelerine görä ol, Nowa hyzmat kompaniýasy boldy.


Hökümet mejlisinde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz karary bilen Türkmenistanyň ylmy we tehnologiki merkezleri baradaky Düzgünnamany tassyklady.


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda hödürlenjek birnäçe halkara başlangyçlaryny taýýarlaýar.


Issyk-Kul kölinde GDA-da ilkinji «Simfoniýa Ala-Too» halkara döredijilik mekdebi geçirilýär. Gnesinleriň Russiýa sazçylyk akademiýasynyň mugallymlary 26-njy iýuldan 30-njy iýul aralygynda ussatlyk sapaklary, açyk sapaklary, leksiýalary, konsertleri we döredijilik duşuşyklaryny geçirmek üçin Gyrgyzystana geldiler diýip, «Uly Aziýa» habar berýär.


Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023-iň dördünji tapgyrynda Gyrgyzystany ýeňdi. Duşenbe şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy edaralaryň hünärlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin LEICA (Merkezi Aziýada hukuk goraýjy) taslamasynyň direktory Genael Le Breton bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem, wideokonferensiýa Taslamanyň sebit direktory Giorgi Beridze goşuldy.


Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistana ýörite fitosanitar enjamlar toplumynyň 25-sini gowşurdy. Bu barada Maksatnamanyň degişli resmi saýtynda mälim edilýär.


Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejebow Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň wekilleriniň Owganystan boýunça geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň ilçihanasy habar berýär.


Hytaýyň Çendu şäherinde 31-nji Bütindünýä tomusky uniwersiada badalga berildi. Ol dünýäniň dürli döwletlerinden köp sanly talyp türgenleri jemledi diýip, “China daily” habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň resmi **[ web-saýty ](https://nic.gov.tm/ru/)** işe girizildi. Saýt arkaly Türkmenistanda daşary ýurt doplomlaryny ykrar etdirmek bilen bagly düzgünler, gerekli resminamalaryň sanawy, bilim babatda ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk namalary we halkara düzgünleri bilen ýakyndan tanyşmak bolýar.