Habar beriş serişdeleri Hindistanyň resmi taýdan ýurda Bharat adyny dakmagy meýilleşdirýändigini habar berdi


Hindistanyň hökümeti 18-21-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Mejlisiň ýörite sessiýasynda "Bharat" (Hindistanyň hindi dilindäki atlandyrylyşy) sözüniň döwletiň resmi ady hökmünde ulanylmagyny talap edýän karary hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada hindi teleýaýlymy “Times Now” Hindi Halk Partiýasynyň tarapyndan dolandyrylýan (Bharatiýa Janata Partiýasy) çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Hindistanyň resmi dilleri hindi we iňlis dilidir, bu ýurda iňlis dilinde Hindistan, hindi dilinde Bharat diýilýär. Hindi konstitusiýasynyň birinji maddasynda: "Hindistan şeýle hem, Bharat döwletleriň birleşmesi" diýilýär. Däp bolşy ýaly, resmi iňlis ady halkara derejesinde, "Bharat" ady bolsa, ýurduň içinde ulanylýar.
Garaşsyz Hindistanyň taryhynda ilkinji gezek “Bharat” adalgasy, halkara giňişliginde Prezident Draupadi Murmunyň adyndan agşamlyk naharyna resmi çakylygy boýunça gelen “Uly-20”-ligiň (G20) ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ulanyldy. Daşary ýurt Liderlerine ugradylan resmi çakylyklaryň tekstinde: "Bharatyň Prezidenti, 9-njy sentýabrda, şenbe güni agşamlyk naharyna çagyrmagy özüne hormat saýýar"-diýip ýazylýardy.
Hindistanyň halkara adyny üýtgetmek, milletçi pozisiýa eýe bolan Hindi Halk Partiýasynyň maksatnamasyndan biridir. Syýasy güýçleriň wekilleri ýurduň halkara adynyň iňlisleriň kolonizasiýasy döwrüne degişlidigini göz öňüne tutýarlar.
ORIENT news








