HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Budapeşt kitaphanasyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baradaky täze golýazmalar tapyldy

Sentýabr 05, 2023 | 21:18 |12120
Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ozal ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk täsin golýazmalar Budapeştdäki Wengriýa Ylymlar akademiýasynyň maglumat merkezinde türkmen alymlary tarapyndan tapyldy.Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ozal ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk täsin golýazmalar Budapeştdäki Wengriýa Ylymlar akademiýasynyň maglumat merkezinde türkmen alymlary tarapyndan tapyldy.
Çeşme: vuzopedia.ru

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ozal ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk täsin golýazmalar Budapeştdäki Wengriýa Ylymlar akademiýasynyň maglumat merkezinde türkmen alymlary tarapyndan tapyldy.

Türkmenistandan Wengriýanyň paýtagtyna gelen iki gözlegçi, bir aýa golaý wagtlap Magtymgulynyň we beýleki meşhur türkmen şahyrlarynyň döredijilik mirasy barada ýazylan gadymy golýazmalary gözlediler. Golýazma çeşmeleri Wengriýanyň kitaphanasynyň ýygyndylarynda we seýrek resminamalaryň hatarynda Wengriýa Ylymlar akademiýasynyň maglumat merkezinde saklanýar.

Wengriýaly hünärmenler, ozal Türkmenistandaky kärdeşlerine Budapeşt kitaphanasynda on müňden gowrak arap, pars we gadymy türk golýazmalarynyň bardygyny aýtdylar. Ilki alymlaryň ünsüni wengriýaly gündogary öwreniji, poliglot we bir wagtlar häzirki Türkmenistanyň çägine baryp gören syýahatçy Armeni Wamberiniň degişli kitaplar ýygyndysy özüne çekdi. Bu gözleglerde golýazmalardan biri tapyldy. Onda Magtymguly tarapyndan ýazylan üç goşgy, şeýle hem Nurmuhammet Andalyp, Meşrep we Misgin ýaly türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary bar.

Gözlegçileriň täsin tapyndylarynyň arasynda türkmen halkynyň edebiýaty, taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly 70 sany gadymy kitap hem bar. Olardan 39-sy türkmen, 22-si pars we 7-si arap dilindedir. Alymlar golýazmalaryň reňkli elektron nusgalaryny Türkmenistana getirdiler. Bu golýazmalar Magtymgulynyň we beýleki beýik türkmen şahyrlarynyň we taryhy şahsyýetleriň şahyrana mirasyny mundan beýläk-de öwrenmäge kömek eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026