Britan kompaniýasynyň prezidenti Aşgabatdaky nebitgaz forumyna gatnaşar


Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletleri boýunça edarasynyň prezidenti Geri Jonsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatyna gatnaşar.
“BP” – bu ştab-kwartirasy London şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň giredijili iri kompaniýalarynyň biridir. Ol nebit we gaz serişdelerini gözlemek, gaýtadan işlemek, paýlamak we satmak, elektroenergiýa we söwda ugurlarynda iş alyp barýar. “BP” kompaniýasynyň sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň “OGT 2013” maslahatynyň “Geljekki ählumumy energiaý üpjünçiliginde Türkmenistanyň orny” atly plenar mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Bu maslahata häzirki wagtda dünýäniň 23 döwletinden 160-dan gowrak wekiliň gatnaşjakdygy mälim boldy.
Halkara maslahatyň çäklerinde Inženerler we nebitçiler jemgyýetiniň özara maslahatlaşmalarynyň hem guralmagyna garaşylýar. Onda halkara bilermenler uglewodorod ýataklaryny işlemekde ekologiýa taraplaryna degişli özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikirlerini we tejribelerini paýlaşarlar. Bu jemgyýetiň dünýäniň 147 döwletinden 143 müňden gowrak agzasy we 8 döwletde hem edarasy bar. Ol esasan nebitgaz pudagyna degişli okuwlary, ara alyp maslahatlaşmalary guramak bilen meşgullanýar. Inženerler we nebitçiler jemgyýetiniň üsti bilen diňe bir nebitgaz pudagynyň inženerleri we nebitgazçylary däl, eýsem beýleki tehniki ugurlardaky hünärmenler hem özleriniň hünärlerini kämilleşdirip bilýärler.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynyň çäklerinde Inženerler we nebitçiler jemgyýeti talyp ýaşlar üçin hünär okuwlaryny geçmegi hem göz öňünde tutýar. Goşmaça maglumaty şu web-saýtyň üsti bilen alyp bilersiňiz.
ORIENT news








