HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty täze guruljak gämiler barada mälim edýär

Sentýabr 06, 2023 | 08:49 |7343
Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi. Öz gezeginde, “ORIENT” täze guruljak gury ýük gämileri, olaryň we deňiz ýük daşalyşyndaky ähmiýeti bilen okyjylary tanyşdyrmakçy.Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi. Öz gezeginde, “ORIENT” täze guruljak gury ýük gämileri, olaryň we deňiz ýük daşalyşyndaky ähmiýeti bilen okyjylary tanyşdyrmakçy.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi. Öz gezeginde, “ORIENT” täze guruljak gury ýük gämileri, olaryň we deňiz ýük daşalyşyndaky ähmiýeti bilen okyjylary tanyşdyrmakçy.

Häzirki döwürde milli söwda floty “Balkan”, “Magtymguly” we “Türkmenistan” gury ýük gämileri arkaly daşary ýurt portlaryna ýükleri daşamak hyzmatyny hödürleýär. Bu gämiler arkaly gury ýükler esasan, Türkmenbaşy, Baku, Astrahan we Aktau deňiz portlarynyň arasynda daşalýar. Mundan başga-da, “Balkan” guryýük gämisi arkaly Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy aralygyna konteýner fider daşamalary amala aşyrylýar. 2022-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 684 sany gury ýük gämisine hyzmat etdi. Şol hyzmatlaryň 80 göterimi daşary ýurt, 20 göterimi hem öz milli gämilerimize edildi.

Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletleriň, şol sanda Azerbaýjanyň 15 sany, Russiýa Federasiýasynyň hem onlarça gury ýük gämileri arkaly Hazar deňzi sebitinde halkara deňiz ýük daşamalary işjeň alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzy söwd flotuna 3 sany gury ýük gämisi degişlidir. Ýük göterijiligi 5 müň – 6 müň tonna bolan gury ýük gämilerine islegiň artýandygy bellärliklidir.

2019-2025-nji ýyllarda Ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin iki sany gury ýük we beýleki gämileriň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Soňky döwürde bu gämileriň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça daşary ýurt taraplary bilen birnäçe gepleşikler geçirildi.

Gämi gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de, gämi gurluşygy döwründe tehniki gözegçiligi amala aşyrmak we degişli enjamlary bilen üpjün etmek maksady bilen "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler alnyp barylýar.

Milli söwda flotyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň gatnaşmaga we harytlary import we eksport etmek üçin ygtybarly söwda ýollary bilen üpjün etmäge ýardam eder. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmak baradaky taslama, ýurduň agyr senagatynda bu maksada ýetmekde möhüm tapgyra birine öwrülýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi gark boldy: 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy, 130 ýolagçy dereksiz ýitdi

Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi gark boldy: 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy, 130 ýolagçy dereksiz ýitdi

18:00 Sentýabr 14, 2026
Eýranyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň Omanda geçiriljek duşuşygy taraplaryň özara karary bilen yza süýşürildi

Eýranyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň Omanda geçiriljek duşuşygy taraplaryň özara karary bilen yza süýşürildi

16:00 Sentýabr 14, 2026
Ugandanyň ilkinji täjirçilik nebit ýatagy mehaniki taýýarlyk tapgyryna ýetdi

Ugandanyň ilkinji täjirçilik nebit ýatagy mehaniki taýýarlyk tapgyryna ýetdi

14:00 Sentýabr 14, 2026