

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm halkara resminamalaryny tassyklady
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow karary bilen birnäçe möhüm halkara resminamalaryny tassyklady we şeýlelikde olar kanuny taýdan güýje eýe boldy.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow karary bilen birnäçe möhüm halkara resminamalaryny tassyklady we şeýlelikde olar kanuny taýdan güýje eýe boldy.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Permany bilen Şadurdy Meredowy başga işe geçmegi bilen baglanyşykly Gyrgyzystan Respublikasynda (Bişkek şäheri) Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Bu barada türkmen döwlet radiosynyň we telewideniýesiniň agşamky habarlarynda aýdyldy.


Türkmenistanistanyň Fransuz institutynyň administrasiýasy 1-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda TFI-yň işgärleriniň tomusky dynç alyşa gitmegi sebäpli merkezde derleriň bolmajagyny habar berýär. Fransuz diliniň güýz sessiýasy 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda başlar.


Duşenbe güni, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy Bütindünýä günini habarlylygy artdyrmak konserti bilen bellendi. Bu çäre, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we UNODC, Türkiýäniň ilçihanasy, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we milli hyzmatdaşlarymyzyň goldawy bilen «Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa» maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.


Aşgabatda FIFA-nyň Malaýziýaly tälimçisi Mohamad Rodzaliniň ýolbaşçylygynda türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlarynyň başlandygyny aýtdy diýip, ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Hytaýyň Şençžen sebitiniň häkimiýeti “Huawei HarmonyOS” we “EulerOS” kompaniýalarynyň döreden operasion ulgamlaryny işjeň ulanyşa girizjekdigini mälim etdi. Oňa laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli ýerli edaralaryň ählisi diýen ýaly bu kompaniýalaryň döreden operasion ulgamlaryny ulanar diýip, “South China Morning Post” habar berýär.


Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag merkeziniň alymlar topary görejiň peselmegine, kähalatda bolsa ýitmegine getirýän göz keselini, iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny ulanmagyň mümkindigini synag arkaly subut etdi. Tejribäniň gidişi we netijeleri “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnalynda çap edilen ylmy işde beýan edildi.


Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4,7% artyp, $438 mln-a ýetdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky iri söwda hyzmatdaşlarynyň reýtinginde Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzstandan soňra dördünji ýeri eýeleýär.


Türkmenistanyň günorta-günbatarynda 20 ýyl gözlegden soňra ozal Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinden ýitip giden diýlip hasaplanýan ösümligiň görnüşi – ýabany german muşmulasy tapyldy. Ony barmasy kyn bolan dag böleginde tapdylar.


Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) BMGÖM-nyň hassalara ruhy-sosial goldaw bermek boýunça bilelikdäki taslamasynyň ýerine ýetirilişini beýan etmek boýunça maglumat kampaniýasy bir million adama golaý auditoriýany gurşap aldy. Bütindünýä gaznasy tarapyndan goldaw berilýän taslamanyň meýdançasy bolup «Miras» teleýaýlymy çykyş etdi.


Gyrgyzystanda syýahatçylar üçin ýene-de bir täze onlaýn hyzmat platformasy işe girizildi. Bu barada ýurduň sanly ösüş ministriniň sözlerine salgylanyp, “Kabar” habarlar agentligi habar berýär.


Tom we Jerriniň aýrylmaz jübüti Aziýa tomaşaçylary üçin «ýumşaklyk» bilen täzeden ýüklenýär. Warner Bros. studiýasy we oňa degişli Cartoon Network kanaly meşhur pişigiň we syçanjygyň başdan geçirmeleri barada täze gysga multserialyny yglan etdi.


Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 28-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşlikde ilçi Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini has-da pugtalandyrmak borjuny tassyklady.


Pakistanyň täze ýörite maýa goýumlaryny ösdürmek geňeşi (SIFC) Pars aýlagynyň arap ýurtlaryna maýa goýumlary, şol sanda TAPI gaz geçirijisi taslamasy bilen teklip ediljek milliardlarça dollarlyk 28 sany ileri tutulýan taslamany tassyklady.


Matilda Bogner BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň MA Müdirliginiň täze sebitleýin wekili edilip bellendi. Bu barada guramanyň sebtleýin edarasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.