

Balkan welaýatynda senagat önümçiligi 6,7 göterim artdy
Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.


Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.


Sişenbe güni tamamlanan “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri bolan iň oňat ýaş bagşy sazandalar Aşgabatda sylaglandylar. Jemleýji tapgyrda 12 adam Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandy.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.


Özbegistan - Türkmenistan - Hazar deňzi - Russiýa iki ugurly multimodal ýoluň işe girizilmegi barada 12-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Transport ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň Transport ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew ara alnyp maslahatlaşdylar.


Täjigistanda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň 5 ýyllygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý möhürleri berildi.


Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Bäşinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlanmak we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjylaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu hepde, 14-15-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän - ýygnagyna taýýarlyk baradaky jemleýji maslahatlara gatnaşdylar.


Owganystanda ýerleşmek üçin Moskwa formatyna gatnaşýan ýurtlar 29-njy sentýabrda Kazanda geçiriljek ýygnaga gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada Russiýa Federassiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko žurnalistlere bu barada aýtdy diýip TACC habar berýär.


Türkmenistan milli futbol topary Dubaýda (BAE) geçirilen türgenleşikde Bahreýn topary bilen deňme-deň oýnady.


GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýubileý mejlisini geljek ýylda Moskwada "TASS" habarlar agentliginiň 120 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşykly bellemek bellendi.


Maýa goýum babatda Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada aýdan "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory katar tarapyny dürli ugurlarda, şol sanda energetika, azyk we dokma senagatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary “EKSPO ─ 2023” halkara sergä taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Katar Döwletinde iş saparynda boldy we taýýarlyk meseleleri bilen baglanyşykly maslahata gatnaşdy.


Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň wekili ýurduň Türkiýedäki biznes attaşesi hökmünde bellendi. Häzirki wagtda Owganystanyň Pakistanda, Eýranda, Türkmenistanda we Türkiýede biznes attaşeleri bar diýip, "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.


"Soýuzmultfilm" kinostudiýasy "KB Prodakşn" işläp taýýarlaýjy kompaniýasy bilen "Prostokwaşino: supermarket" atly öwrediji oýny döretdiler. Onda adybir multfilmiň gahrymanlary Fýodor Daýy, Matroskin, Şarik we beýlekiler çagalara matematikany we hasaplamany öwredýär.


Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.


11 – 17-nji sentýabrda Gazagystanyň Şymkent şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça toparlaýyn Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirilýär. Oňa şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen saýlama tapgyrda tapawutlanan ýurdumyzyň oglan ýetginjekleri hem gatnaşýar.