Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy FIFA-nyň okuw maslahatyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet FIFA-nyň okuw maslahatyna gatnaşdy. Ol Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň futbol birleşmeleriniň, Ýewropa Futbol assosiasiýasynyň birleşmesiniň (UEFA), Aziýa Futbol konfederasiýasynyň we Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň hyzmatdaşlygynda guraldy.
Daşkent şäherinde geçen okuw maslahaty futbol birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek, bilimleri we tejribeleri alyşmak üçin amatly meýdança boldy. Foruma gatnaşyjylar şeýle hem futzal boýunça halkara ýaryşlaryň, zenanlaryň we çagalaryň arasynda futbol oýunlarynyň guralyşyny ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek arkaly sport desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle formatda ilkinji gezek geçirilen çärä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Çehiýanyň, Gazagystanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Portugaliýanyň, Wengriýanyň futbol birleşmeleriniň wekilleri, şeýle hem FIFA-nyň, UEFA-nyň we AFK-nyň hünärmenleri gatnaşdylar.
ORIENT news








