Türkmenistan CASCA+ multimodal ulag ugry boýunça roluny artdyrýar


Türkmenistan ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan CASCA+ multimodal ulag ugrunyň ösdürilmegi täsirli özara gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.
Hususan-da, bu mesele 4-nji oktýabr, çarşenbe güni Gazagystanyň paýtagty - Astanada geçirilen «New Silk Way», atly VI halkara ulag we logistika işewürlik forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýoluň esasy maksatlaryndan biri Merkezi Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ulag aragatnaşygyny üpjün etmekdir. Bu ugur açylany bäri takmynan 30 müň 20 fut ekwiwalent konteýner daşaldy. Bu taslamada Türkmenistan aýratyn rol oýnaýar - bu döwürde ýurduň paýy import ugrunda 9 000 konteýner, eksport ugrunda 12 000 konteýner we tranzitde 9 000 konteýner boldy.
Ýol operatorlarynyň maksady, gowşuryş wagtyny azaltmak arkaly ýyldaky 30 müňlik konteýner gatnawynyň mukdaryny artdyrmakdyr, diýip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew forumda eden çykyşynda belledi.
Bu ugurda iň oňat netije 2021-nji ýylyň maý aýynda gazanyldy - konteýnerler 18 günüň içinde Türkiýäniň Izmir şäherinden Oşa (Gyrgyzystan) getirildi. Indi bu ugruň operatorlarynyň maksady Hytaýyň Kaşgar şäherinden Stambula 18 günden köp bolmadyk wagtyň içinde konteýnerleriň eltilmegini üpjün etmekdir.
CASCA+ Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demir ýollarynyň bilelikdäki başlangyjydyr. Häzirki wagtda bu ugur üç sebiti öz içine alýar - Merkezi Aziýa (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkaz (Azerbaýjan we Gruziýa) we Anadoly (Türkiýe).
CASCA - bu sebitleriň iňlis dilindäki - Central Asia, South Caucasus and Anatolia gysgaldylan adydyr. Bu ugruň adyndaky “+” belgisi, ugur boýunça transport bilen gyzyklanýan täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýardygyny görkezýär, esasy maksady Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini, hususan-da Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmekdir.
ORIENT news








