Aşgabatda gümrük işini kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi


3 - 5-nji oktýabrda Aşgabatda gümrük we eksport işini ýeňilleşdirmek we kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan guralan okuwlara Döwlet gümrük gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi we täjirçilik banklarynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda bilermenler gümrük işini halkara ülňülerine laýyklykda ösdürmek boýunça ÝHHG agza döwletlerde gazanylan öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport amallaryny, gümrük işiniň sanly ulgam esasynda ösdürilmegini düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, portara aragatnaşygyny giňeltmek we BSG-niň tarif syýasaty boýunça özara pikir alyşmalar boldy.

Ýygnananlar halkara söwdada netijeli kanunçylyk-hukuk binýadynyň möhüm ornuny bellemek bilen, erkin ykdysady we söwda zolaklarynda gümrük işiniň alnyp barlyşy barada pikirleirni beýan etdiler.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor guramanyň sebit we halkara söwda ösdürmek boýunça tagallalara ýardam bermäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Guramanyň Aşgbatdaky merkeziniň soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ykdysady aragatnaşygy giňeltmek, gümrük we eksport işini döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär.
ORIENT news








