

Türkmen talyplary Duşanbe şäherindäki teatr festiwalynda «Baky rowaýatlar« spektaklyny görkezerler
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde 24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda gurjak teatrlarynyň VII halkara festiwaly «Çodari Haýol» geçiriler. Bu çäre üçin «Baky rowaýatlar» spektaklyny ýörite taýýarlan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary ilkinji gezek döredijilik görkezişine gatnaşarlar.




















