

Türkmenistan we Liwiýa ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 4-nji oktýabrda Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatallah Elzuni bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 4-nji oktýabrda Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatallah Elzuni bilen duşuşdy.


Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.


Kompaniýa işewürlik işine garaşsyz baha berilmegi, onuň depginine seljerme geçirilmegi we işewürligiň ösmegi üçin netijeli teklipleri hödürlenmegi zerur bolan Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçilige ýokary derejedäki konsalting hyzmatlaryny hödürleýär.


Kataryň paýtagty Doha şäherinde “Ekspo-2023” halkara bagbançylyk sergisi açyldy. Dünýäniň dürli sebitlerinden onlarça ýurtlar, şol sanda Türkmenistan hem bu sergide öz milli pawilionlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, ýurduň wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi.


Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.


Ilkinji gämileriň gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk zawody Gazagystanyň paýtagty Astanada geçen “New Silk Way” VI halkara ulag logistika işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Italiýanyň Bari şäherinde RAI teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Özüňe çek” atly Prix Italia-2023 festiwalyna gatnaşýar.


23-24-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.


Aşgabat gazna biržasy USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy (FGI) bilen hyzmatdaşlykda gymmatly kagyzlary çykarmak arkaly öz işewürligine goşmaça maýa serişdelerini çekmek isleýän hususy kompaniýalara mugt konsaltingleri guraýar.


Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen maslahata ähli pudaklardan bolan ýaşlar degişli ugurdaky meseleleri maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ýowşanyň sitwar görnüşinden gury ekstrakt almagy başardylar. Institutyň aspiranty, ylmy işgäri Berdi Berdiýew bejeriş üçin ýokary netijeli we ekologiýa taýdan bähbitli aýratynlyklaryny açyp görkezdi.


Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara haýyr-sahawat gaznasy ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamlarynda ejir çekýän çagalaryň 180-sine çylşyrymly hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek boýunça işlerini maliýeleşdirdi.


Rus dilini okadýan türkmenistanly mugallymlar bäsleşigiň iň ökde 50-liginiň hataryna goşulmagy başardylar. Moskwa şäheriniň dolandyryş edaralary we “Российская газета” gazeti bu bäsleşigi eýýäm 23-nji gezek guraýarlar.


Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümükinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen öz ýurduna gelmäge çagyrdy. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen Gutlagynda beýan edilýär.


Aziýa Olimpiýa Geňeşi Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysyny saýlar. Munuň üçin 6 adamdan ybarat ýörite topar hem döredildi. Bu adamlaryň her biri Aziýanyň dürli sebitlerine wekilçilik edýär.