Arap kompaniýasy Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär


Birleşen Arap Emirlikleriniň gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmek boýunça iri "Masdar" kompaniýasy Türkmenistanda iri önümçilik kärhanalaryny işe girizmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada "BNN Bloomberg" neşiri habar berýär.
"Masdar" kompaniýasy Hazar deňzi we Merkezi Aziýa sebitnde öz hödürleýän hyzmatlaryny giňeltmegi maksat edinýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli özüne degişli elektrik stansiýalaryň umumy kuwwatyny 100 gigabite ýetirmegi göz öňünde tutýar. Ol Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we BAE-niň Milli energetika kompaniýasynyň düzüm bölegi bolup, 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazlaryň daşky gurşawa goýberilýän möçberini "0" derejä ýetirmek maksady bilen döredildi. Şeýlelikde, BAE nebit çykarylyşy bilen döreýän hapalanmalaryň öňüni almak maskady bilen öz öňünde şeýle uly maksat goýan Par aýlagy sebitindäki ilkinji ýurt boldy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türkmenistan - BAE işewürlik forumynda "Masdar" kompaniýasy ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen kuwwaty 100 megawata deň Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça ylalaşypdy.
ORIENT news








