HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wise-premýer Amannepesow Türkiýäniň bilim ministri bilen duşuşdy

Oktýabr 27, 2023 | 19:17 |7939
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlygynyň nyşany bolan Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň işi barada maslahatlaşdylar. Türkmen talyplarynyň Türkiýede okamagynyň wajyplygy aýratyn nygtaldy diýip, Türkiýäniň bilim ministrligi habar berýär.Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlygynyň nyşany bolan Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň işi barada maslahatlaşdylar. Türkmen talyplarynyň Türkiýede okamagynyň wajyplygy aýratyn nygtaldy diýip, Türkiýäniň bilim ministrligi habar berýär.
Çeşme: meb.gov.tr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Türkiýäniň milli bilim ministri Eren Okten bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlygynyň nyşany bolan Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň işi barada maslahatlaşdylar. Türkmen talyplarynyň Türkiýede okamagynyň wajyplygy aýratyn nygtaldy diýip, Türkiýäniň bilim ministrligi habar berýär.

Türk ministriniň sözlerine görä, bu talyplar medeniýetiň ilçileri bolup, iki ýurduň ýaş nesilleriniň arasynda dost-doganlygy berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler. Ýokary derejedäki şeýle duşuşyklar we hyzmatdaşlyk ugrundaky tagallalar täze mümkinçilikleriň giň toplumyny açýar.

Görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildiren wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow umumy taryha we medeniýet esaslanýan doganlyk halklaryň özara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem uly üstünliklere ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Amannepesow Tükiýede berilýän bilime, bu ýurtdaky ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň bilimlerine ýokary baha berdi.

Açyk çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Türkiýede türkmenistanly talyp ýaşlaryň 12 müňe golaýy bilim alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026