Dolandyryş boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasynyň 25 ýyllygy Berlinde bellendi


Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde Dolandyryş boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.
GFR-iň Ykdysadyýet we daşky gurşaw hereketleri federal ministrligi tarapyndan hödürlenýän bu maksatnama halkara derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we dolandyryş mümkinçilikleri ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Maksatnama dürli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýet, maliýe, hukuk we halkara gatnaşyklary pudaklarynda dolandyryş bilimlerini artdyrmagy, munuň üçin bolsa dürli okuw we tejribe sapaklaryny guramagy maksta edinýär. Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy ýurtda hünärmen mümkinçiliklerine we olaryň artdyrylmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
ORIENT news








