HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Geňeşi bilen adam hukuklary boýunça gepleşiklere taýýarlyk okuwlary geçirildi

Oktýabr 27, 2023 | 19:13 |7428
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi bilen Ählumumy döwürleýin syny boýunça gepleşikleriň nobatdaky 4-nji aýlawyny 6-njy noýabrda Ženewa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi bilen Ählumumy döwürleýin syny boýunça gepleşikleriň nobatdaky 4-nji aýlawyny 6-njy noýabrda Ženewa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Çeşme: BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi bilen Ählumumy döwürleýin syny boýunça interaktiw gepleşiklere taýýarlanmak boýunça okuw seminary geçirildi. Ol BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň ugurdaş edaralary tarapyndan Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda guraldy.

Iş duşuşygy görnüşinde geçirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň birnäçe ugurdaş düzümleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralarynyň, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň halkara bilermeni Tomas Baranasowa gtanaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi bilen Ählumumy döwürleýin syny boýunça gepleşikleriň nobatdaky 4-nji aýlawyny 6-njy noýabrda Ženewa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Ählumumy döwürleýin synynda BMG-ä agza döwletleriň 193-siniň ählisi adam hukuklarynyň üpjün edilişi býounça ýurtda durmuşa geçirilýän işler barada seljeriş maglumatlaryny berýärler. Ol adam hukuklarynyň üpjün edilmeginiň kämilleşdirilmegini we olaryň bozulmagynyň aradan aýrylmagyny üpjün etmek maksady bilen döwürleýin geçirilýär we BMG-niň Adam hukuklary geňeşi tarapyndan birnäçe teklipler hödürlenýär.

Türkmenistan bu Ählumumy synyň taýýarlanmagy babatda gepleşiklere işjeň gatnaşýar. 2018-nji ýylda Türkmenistan Ählumumy döwürleýin syny boýunça gepleşikleriň 3-nji aýlawynyň dowamynda degişli halkara düzümi tarapyndan hödürlenen teklipleriň 193-sinden 172-sini kabul etdi. Bu synlary tabşyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek herbir ýurduň üstüne alan halkara borçnamasy bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026