

Serdar Berdimuhamedow "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül goýdy
6-njy oktýabrda - Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň ýer titremesinde we Watan üçin ähli söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyralanýan günüdir.


6-njy oktýabrda - Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň ýer titremesinde we Watan üçin ähli söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyralanýan günüdir.


Şu ýylyň dokuz aýyndaky edilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Hökümetiniň nobatdaky mejlisinde premýer-ministriň orunbasary Batyr Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa gözegçilik edýän nebitgaz pudagynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.


Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,3% boldy.


Türkmen "Altyn Asyr" futbol kluby, AFK-2023 kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyr oýnunda Täjigistanyň "Rawşan"-y bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk 16 müň janköýeriň gatnaşmagynda Aşgabat stadionynda geçdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.


Üç sany meşhur türkmen kompozitorynyň döredijiligine bagyşlanan “Gündogar sazlary” atly konsert 24-nji oktýabrda Moskwada “kwartirnik” (adaty öýde erkin ýagdaýda geçirilýän - konsert) görnüşinde geçiriler. Agşamky konsert programmasynda köpmilletli akademiki sazçylykda baý miras galdyran we ýurdy şöhratlandyran Nury Halmamedowyň we Orazmuhamet Gurbannyýazowyň tanyş we köp halanýan eserleri ýaňlanar.


Türkmenistan ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan CASCA+ multimodal ulag ugrunyň ösdürilmegi täsirli özara gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.


3 - 5-nji oktýabrda Aşgabatda gümrük we eksport işini ýeňilleşdirmek we kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.


10 - 12-nji oktýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 6 sany ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre geçiriler. Onda ABŞ-da okamak isleýän ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.


Aşgabatda türkmen "Merw"-i bilen Gyrgyzystanyň "Abdyş-Ata"-synyň arasynda AFK kubogynyň ikinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.


Astrahan oblastyndan edebiýat mugallymy Andreý Žurbin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda Hazarýaka döwletlerinde dostluk edebiýat merkezini döretmek teklibini öňe sürdi. Bu teklip "Ýylyň mugallymy" atly ählirus ýaryşynyň ýeňijileriniň Russiýanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygynda aýdyldy.


Aşgabatda Aziýadaky iň möhüm klub ýaryşynyň ikinji tapgyry - Türkmen «Merw» bilen Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» arasynda 2023-nji ýyldaky AFK kubogy başlandy.


Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasynda geljek ýyllardaky hyzmatdaşlyk meseleleri penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk myhmanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirildi diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli Gutlag hatyny ýollady. Onda dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki gatnaşyklara şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet FIFA-nyň okuw maslahatyna gatnaşdy. Ol Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň futbol birleşmeleriniň, Ýewropa Futbol assosiasiýasynyň birleşmesiniň (UEFA), Aziýa Futbol konfederasiýasynyň we Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň hyzmatdaşlygynda guraldy.