Lawrow: Russiýa hazarýaka döwletleri bilen işjeň, döredijilikli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär


Russiýa Hazar "bäşligi" ýurtlary bilen bu sebiti parahatçylygyň, ylalaşygyň, goňşuçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň çägine öwürmekde işjeň we döredijilikli işleri alyp barmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazarýaka hyzmatdaşlygyboýunça Pudagara toparynyň 1-nji mejlisinde mälim etdi.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu toparyň döredilmeginiň özi Hazar sebitiniň Russiýa üçin uly strategik ähmiýete eýedigini we ýurduň Hökümetiniň bu sebite uly üns bilen garaýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Sebit gün tertibiniň meseleleri hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan yzygiderli maslahatlaşylýar. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen 6-njy Hazar sammiti we şol ýyl Moskwada geçirilen 2-nji Hazar ykdysady forumy bu ugurdaky işlere täze itergi berdi. Häzirki wagtda 3-nji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görülýär. Sergeý Lawrow şeýle hem Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine hem aýratyn ünsi çekdi.

Astarahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň sözlerine görä, bu halkara ulag geçelegsini ösdürmek üçin hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda işler alnyp barylýar. Wolga-Hazar gämi gatnaw kanalyny döwrebaplaşdyrmak işi ýokary depginde alnyp barlyp, ýükleri gaýtadan işlemek üçin Hazar klasteri ösdürilýär. Igor Babuşkin hazarýaka döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklara hem ünsi çekdi. Bellenişi ýaly, hazarýaka ýurtlaryndan bolan 3 müň talyp Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar, şeýle hem bu ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda köpsanly halkara çäreler geçirilýär.
3-nji Hazar ykdysady forumyny şu ýylda goňşy Eýran döwletinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
ORIENT news








