Habarlar

Türkmen okuwçylary Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynda mugt bilim alyp bilerlerTürkmen okuwçylary Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynda mugt bilim alyp bilerler

Türkmen okuwçylary Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynda mugt bilim alyp bilerler

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän "MGIMO-nyň halkara mekdep olimpiadasy" atly daşary ýurtly okuwçylaryň arasynda geçirilýän ýaryşda gatnaşyp, bu abraýly ýokary okuw mekdebinde tölegsiz esasda bilim almaga mümkinçilik alyp bilerler. 10-11 synp mekdep okuwçylary bäsleşige gatnaşmak üçin şu salgy arkaly özlerini hasaba aldyryp bilerler.

Daşoguzda oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmelerini ara alyp maslahatlaşdylarDaşoguzda oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Daşoguzda oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Daşoguz şäherinde oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmeleriniň mümkinçilikleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä “Köp bähbitleri almak üçin Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu başlangyç Türkmenistanyň Daşky gurşawy garamak ministrligi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.