HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumy gurlar

Oktýabr 29, 2023 | 14:55 |9414
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda taslamalary düzmek we gurmak üçin “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda taslamalary düzmek we gurmak üçin “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda taslamalary düzmek we gurmak üçin “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Degişli Karar bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilip, oňa laýyklykda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasy düzülip, döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler we onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp gurlar. Şeýle hem, “Nahal” hojalyk jemgyýeti şypahanada ozal bar bolan “A” we “B” binalaryň durkuny täzelemek işlerini amala aşyrar.

Şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026