

“Türkmengaz” we ADNOC Abu Dabide özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň iň möhüm netijesi, türkmen Lideriniň dostlukly ýurtda bolmagynyň ikinji gününde gol çekilen birnäçe resminamalar boldy. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek Ähtnamasy bar.




















