Habarlar

Türkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýarTürkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Türkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistanda BAE-nyň gatnaşmagynda bahasy $5 mlrd bolan 138 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndyTürkmenistanda BAE-nyň gatnaşmagynda bahasy $5 mlrd bolan 138 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Türkmenistanda BAE-nyň gatnaşmagynda bahasy $5 mlrd bolan 138 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Birleşen Arap Emirlikleri şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda 5-nji orny eýeledi we bu döwürde söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3% ýokarlandy. 2024-nji ýylyň 1-nji martyna çenli umumy bahasy 5 milliard dollardan gowrak bolan BAE kärhanalarynyň gatnaşmagynda 138 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow 25-nji iýunda sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynda eden çykyşynda belledi.