HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ylmy elektron neşirleriň sany köpelýär

Sentýabr 09, 2024 | 11:47 |7440
Türkmenistanda elektron ylmy-amaly žurnallaryň sany köpelýär.Türkmenistanda elektron ylmy-amaly žurnallaryň sany köpelýär.
Çeşme: gov.kz

Türkmenistanda elektron ylmy-amaly žurnallaryň sany köpelýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilşi ýaly, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ýaş alymlaryň ylmy barlaglaryny goldamak, olary ylmy-barlag işlerine çekmek, milli ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy elektron žurnaly döredildi. Elektron žurnal üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär. Onuňredaktorlar kollegiýasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlary, professorlary we mugallymlary girdi. Bu bolsa žurnalyň işiniň maksadalaýyk we netijeli gurnalandygyny görkezýär.

Onlaýn-neşiriň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we internet- hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky” Türkmenisanyň Kanunlaryna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Düzgünnamasyna hem-de beýleki kadalaşdyrjy-hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Žurnalda talyplaryň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň makalalary çap edilip, ylmy barlaglaryň esasy uurlarynda işläp taýýarlamalara, ylmy-usuly maglumatlara we innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Birinji neşirde dil biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, lingwodidaktikanyň we pedagogikanyň döwrebap meseleleri boýunça ylmy-usuly makalalar hem-de talyplaryň we mugallymlaryň edebiýat döredijiligi bilen tanyşdyrýan çeperçilik eserler ýerleşdirildi.

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegini makkulady. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” weziplereine laýyk gelip, dünýä ylmy-bilim giňişliginde ylmy barlaglaryň ýaýabaňlandyrylmagyna gönükdirilendir.

“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” elektron žurnalynyň sahypalarynda ykdysadyýet nazaryýetine we ykdysady ösüşe, innowasiýa ykdysadyýetine, durnukly ösüşiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalar çap edilip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döreder.

“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegi insituty ylym-bilim merkezi hökmünde tanatmaga ýardam edip, dünýäniň ylym ulgamyna işjeň goşulyşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, professor-mugallymlaryň neşir işiniň ýokarlandyrylmagyna we ylmy-barlag işiniň netijeleri bilen tanyşmaga giň ýol açar.

Elektron žurnaly her kwartalda bir gezek türkmne, iňlis we rus dillerinde ýokary okuw mekdebiniň saýtynda neşir ediler. Žurnalyň redaktorlar kollegiýasynyň düzümine biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtly ykdysatçy-alymlary girdi. Hazirki wagtda žurnalyň birinji sanynyň taýýarlyk işleri geçirilip, ol ýakyn geljekde okyjylar üçin elýeterli bolar. Ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegi ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijilik we ylmy işleri üçin täze müminçilikleri açyp, olary täze açyşlara höwselendirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026