HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň üstünlikleri üçin täze halkara baýraklar gowşuryldy

Sentýabr 08, 2024 | 08:41 |8247
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäherine berilen täze halkara baýraklar gowşuryldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäherine berilen täze halkara baýraklar gowşuryldy.
Çeşme: "Watan"

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäherine berilen täze halkara baýraklar gowşuryldy.

Şu ýylyň 4-nji sentýabrynda Koreýa Respubilkasynyň Goýang şäherinde geçirilen “2024 World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri üç baýraga mynasyp boldy. Baýraklar gatnaşyjylaryň arasynda dürli ugurlar boýunça tapawutlanan şäherlere we kompaniýalara gowşuryldy. Arkadag şäheriniň gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup bu baýraklara mynasyp bolandygyny aýratyn bellemelidir.

“Akylly” şäherleriň Bütindünýä sergisinde Arkadag şäheri aşakdaky üç ugur boýunça baýraklara mynasyp boldy:

• “Akylly” şäherler ulgamy boýunça beýik gazananlar üçin baýrak (Smart City Excellence Award);

• Daşary ýurt “akylly” şäher üçin baýrak (Foreign City Award);

• “2024 World Smart City Expo” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin baýrak (WSCE 2024 Contribution Award).

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Koreýa Respublikasyna iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň taryhy wakanyň şaýady bolandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine öz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de halkara sergide Arkadag şäheriniň pawilýony gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredendigi barada hem habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu täzeiligi aýratyn kanagatlanma bilen kabul edip, Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylaryny we ýolbaşçylaryny bu ähmiýetli waka bilen gutlady. Bütin ýurt üçin we ähli türkmen halky üçin bu täzeligiň buýsandyrjy bolup, Arkadag şäheriniň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleri üçin aýratyn guwanýandygyny hem-de buýsanýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026