HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler

Sentýabr 07, 2024 | 19:45 |10499
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.

Anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IRU arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňaýly tejribesini belläp, multimodal üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek hem-de ulag pudagynyň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça hereketleri kesgitlediler.

Raşid Meredow we Umberto de Pretto BMG-niň meýdançasyndaky çäklerinde hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşyp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň orny barada pikir alyşdylar.

07092024-turkmenistan-i-iru-nametili-puti-vzaimodejstviya (2).jpg

Umberto de Pretto sebit derejesinde ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde Türkmenistanyň hökümetiniň ygrarlydygyny hem-de halkara resminamalaryna goşulyşmak bilen onuň netijeleliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigini belläp geçdi diýip, türkmen DIM-niň habarlar gullugy belleýär.

Şeýle-de taraplar bilermenleriň mümkiniçiliklerini we hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatalaşdylar. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýark işlerine hem garaldy.

Şeýle-de duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň esasynda duran durnukly ulag pudagynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň gurallary barada maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026